«ÇALSANA, BAGŞY!» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI


«ÇALSANA, BAGŞY!» BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Şu ýylyň 24-nji awgustynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom, altyn zynjyr, şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda uly tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk beýan edildi.