MAGTYMGULY PYRAGY–NUSGAWY EDEBIÝATYŇ PAÝHAS UMMANY


MAGTYMGULY PYRAGY–NUSGAWY EDEBIÝATYŇ PAÝHAS UMMANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy–nusgawy edebiýatyň paýhas ummany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýandygy, şahyryň döredijiliginde halypa şägirtlik ýoluna, dost doganlyk gatnaşyklaryna, edebi medeni gymmatlyklarynyň ruhy güýjüne, terbiýeçilik ähmiýetine, taryhy şahsyýetleriň nusgalyk keşbine aýratyn üns berilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de paýtagtymyzyň günorta böleginde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem–de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy türkmen halkyny diýseň begendirendigi we bu medeni-seýilgäh toplumy taryhy ähmiýetli ajaýyp wakalaryň birine öwrülendigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.