ÖWEZBERDI ŞYH KÜMMETI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda Döwletimiziň halkara derejesiniň has-da artyp, mertebesiniň barha beýgelýän taryhy döwründe, köp müň ýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy we medeni ýadygärliklerimiz hem aýratyn ähmiýete eýedir.
«Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabynda duran, Öwezberdi Şyh kümmeti Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Kümmetiň meýilleşdirilişi inedördül bolup, onuň ýokarysy gümmez bilen örtülipdir. Onuň binagärlik gurluşy ýönekeý bolup, girelgesi peştag bilen tapawutlandyrylypdyr. Binanyň gurluşygynda 23x23x5 sm ululykdaky bişen kerpiçler ulanylypdyr. Öwezberdi Şyh kümmetiniň girelgesi günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Binanyň taraplary (9x9 m) bolup, peştagy 2,5 m uzaýar. Binanyň daşky diwarlary göniburçly arkaly tagçalar bilen örtülipdir. Bu kümmetiň gümmez gurluşygynyň häsiýetnamasyna görä XIV asyryň başy-XV asyr bilen senelenýär.
Kümmetiň iç ýüzi 5x5 m deň bolup, merkezinde gümmezekli arkalar ýerleşýär. Binagärlik ýadygärliginiň diwarlarynda we gümmezinde ýaryklaryň emele gelip gowşan ýerleri kesgitlenildi. Şol sebäpli, binagärlik ýadygärliginde rejeleýiş-berkidiş işleri geçirmeklik meýilleşdirildi. Ilki bilen onuň gümmeziniň ýüz tarapynda we içki taraplaryndaky emele gelen ýaryklary berkidildi. Diwaryň daşky ýüzlerinde we iç ýüzünde hem rejeleýiş berkidiş işleri geçirildi. Kerpiçleriň aralary genç laýy bilen doldurylyp berkidildi.
Rejeleýiş-berkidiş işlerini Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň we «Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň» alymlary, hünärmenleri, rejeleýiş ussalary bilen bilelikde ýerine ýetirildi.