BILIMDEN BINÝATLY TÜRKMEN ÝAŞLARY


BILIMDEN BINÝATLY TÜRKMEN ÝAŞLARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 129-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimden binýatly türkmen ýaşlary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ösüşli ýollarda ynamly öňe barýan, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanşyklydygy we Garaşsyz Bitarap ýurdumyzda ýaş nesilleriň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.