BILIM-ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 1-nji çagalar sungat mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim-ösüşleriň binýady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler gözel Diýarymyzyň ertirki eýeleri boljak ýaş nesiller ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde, ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmekde ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.