BERKARAR DÖWLET ISLÄRIN...


BERKARAR DÖWLET ISLÄRIN...

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyllygy mynasybetli «Berkarar döwlet islärin...» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halky üçin jemgyýetiň öňünde ýokary durmuş maksatlary goýýar, halkyň işlemegi,eşretli durmuşda ýaşamagy üçin tükeniksiz mümkinçilikler açýar we şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, päk zähmet çekmeklige çagyrýar. Magtymguly külli türkmeniň bir saçagyň başyna ýygnanyp, duz-çörek iýmegini birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Ähli halk bir agza garasa, uly güýjüň emele geljekdigine, öňünde hiç bir zadyň, hiç bir güýjüň durup bilmejekdigine şahyr ynanypdyr. Bu günki gün şahyrymyzyň arzuwlan zamany hasyl boldy. Bu gün dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwlet bar.Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan-bu döwlet, hakykatdan-da, gülläp ösýän, adamzadyň ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir diýip, uly buýsanç bilen nygtap geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.