BILIMLI ÝAŞLAR–RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR


BILIMLI ÝAŞLAR–RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bilimli ýaşlar–röwşen geljegimizdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde ylym-bilime aýratyn uly sarpa goýulýandygy, Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kämil sowatly, giň dünýägaraýyşly ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda birnäçe ylym-bilim desgalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bütin türkmen halkyny buýsandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.