BILIM-RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ŞAMÇYRAGY


BILIM-RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ŞAMÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 120-nji orta mekdepde «Bilim-röwşen geljegimiziň şamçyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime höwesli ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin döwletimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim ojaklarynyň müňlerçesiniň gurulmagy, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ata Watanymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.