MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS UMMANY


MAGTYMGULY PYRAGY–ŞYGRY PAÝHAS UMMANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen «Magtymguly Pyragy–şygry paýhas ummany» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryndan soňra tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hünär bäsleşiginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri adamzat ähli üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr»–diýýän sözlerinden, alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan, oňyn ýörelgelerinden ugur alyp, ýaş kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek ýurdumyzyň ösüşlerini teleradioýaýlymlarynyň, habar beriş serişdeleriniň kitaphana işiniň dürli ugurlarynyň üsti bilen wagyz etmek şeýle-de kitaphana hünärmenleriniň kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak maksady bilen geçirilendigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda onda çykyş edenler baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.