MAGTYMGULY ÖWÜT BERGIL SÖZ BILE


MAGTYMGULY ÖWÜT BERGIL SÖZ BILE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly öwüt bergil söz bile» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragy türkmeniň bagtyýar şu günini, ýagty geljegini öňünden görüp, şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan şahyrdygy, paýhas dänesi bilen sözden akyl çäjini döreden beýik danadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň döredijilik mirasy türkmen halkynyň belent ruhuny özünde jemläp, durmuşyň ähli ugurlaryny, taryhy wakalary, oňyn häsiýetleri, öz içine alýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has hem belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.