GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ WE BUÝSANJYMYZ


GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk bagtymyz we buýsanjymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Garaşsyzlyk-belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap Watanymyz dost-doganlyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, abadançylyk, asudalyk ýaly ýörelgeler bilen dünýä tanaldy. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa galdyrýar. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet-adam üçindir!» diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.