PYRAGYNYŇ ARZUW EDIP ISLÄNI-PARAHATLYK GURŞAP ALSYN DÜNÝÄNI!


PYRAGYNYŇ ARZUW EDIP ISLÄNI-PARAHATLYK GURŞAP ALSYN DÜNÝÄNI!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirleri bölüminiň hem-de Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölüminiň gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyza bagyşlap «Pyragynyň arzuw edip isläni-parahatlyk gurşap alsyn dünýäni!» ady bilen geçiriljek tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri hem gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde çykyş edenler: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy» diýip belläp geçdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy!» atly kitap sergisi gurnaldy.

Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.