GARAŞSYZLYK-BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ


GARAŞSYZLYK-BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýandyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňde buýsanç duýgularyny eçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen rowaçlanýandygy, bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.