GARAŞSYZLYK-BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Mekezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-bagtymyzyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, il agzybirliginiň nyşany, parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, bu gün halkymyz her bir ynsanyň bagtyýar bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanasynda, eşretli durmuşda ýaşaýandygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barylýandyklary barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň milli ýörelgesini kemala getiren pederlerimiziň ýörelgelerine we göreldelerine eýerip ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.