ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR–ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR


ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR–ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Arkadagly Gahryman Serdar–şanly Garaşsyzlyk toýun toýlaýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşlige «Miras» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.