GARAŞSYZLYGYŇ SAÝRAK BILBILLERI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim terbiýe bölüminiň guramagynda «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly aýdym-sazly çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugrydyr. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesiliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly, bagtyýar duýýarlar.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.