GARAŞSYZLYK–MAGTYMGULY PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Garaşsyzlyk–Magtymguly Pyragy» ady bilen Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw-müdirliginde göçme kitap sergisi gurnaldy.
Baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw-müdirliginde aýdym-sazly dabaraly ýagdaýda geçirilip. Bu çärede Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda göçme kitap sergisi gurnaldy. Şeýle-de sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri ýerleşdirildi we çäräniň dowamynda kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejelerine ýetirýän, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrynda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.