ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR BERKARAR WATAN


ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR BERKARAR WATAN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ösüşlere beslenýär berkarar Watan!» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeniýetinde we sungatynda, ylymda-bilimde, saglygy saklaýyşda we beýleki ugurlarda ýeten asyrlara barabar ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty onuň goňşy döwletler bilen alyp barýan ykdysady we dost-doganlyk gatnaşyklary hakynda durup geçdiler. Garaşsyzlyk türkmen halkymyzyň, merdana pederlerimiziň arzuw eden ajaýyp durmuşydyr. Bu hakda biziň ýazyjy şahyrlarymyz, aýdymçylarymyz, sazandalarymyz birnäçe gymmatly eserler döretdiler.

Çykyş edenler gürrüňdeşligiň ahyrynda ähli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.