ARKADAGDAN ARKALY DÖWRÜMIZ BAR SARPALY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 85-nji orta mekdebinde kitaphana syny geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 85-nji orta mekdebinde «Arkadagdan arkaly döwrümiz bar sarpaly» atly kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synyna gatnaşan mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir.
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.