GARAŞSYZLYK–HALKYŇ ARŞA GALAN YKBALY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-halkyň arşa galan ykbaly» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň, dostlugyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň has-da artýandygynyň aýdyň subutnamasydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolan gününiň ýagny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýandygy, Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň abraýyny has ýokary göterýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda eşretli zamanamyzy beýik ösüşlere besläp, il-ulsuň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.