GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNAN DIÝAR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Täze zaman Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynan Diýar» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýändigi, mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şöhratly ata–babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy wysal bolup, Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigi, şanly Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde ata-Watanymyzyň, ene topragymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň waspyny ýerine ýetirýän birnäçe aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.