MAGTYMGULY–HALKYŇ ÖÇMEZ ÇYRAGY


MAGTYMGULY–HALKYŇ ÖÇMEZ ÇYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary we kitapnama bölüminiň işgärleriniň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetniň mugallymdyr talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly-halkyň öçmez çyragy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi we kitap sergisi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilime köp üns berilýär. Bu söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowam etmegi bilen baglylykda akyldar şahyrymyzyň döwletiň Garaşsyzlygy gazanmak baradaky arzuwlan eýýamynyň gelendigi barada, şeýle hem häzirki döwürde halkymyzyň eşretli zamanada ýaşaýandygy dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Geljek neslimize ylym-bilim bermekde döredilýän ähli giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Şeýle-de, şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!