GARAŞSYZLYK-KALBYMYZYŇ SENASY


GARAŞSYZLYK-KALBYMYZYŇ SENASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de 46601 harby bölüminiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-kalbymyzyň senasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän işlere guwanmak, buýsanmak bilen Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň borjumyz bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de taryhy döwürde asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, özüniň oňyn netijelerini berýändigi, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylyp, häzir Türkmenistan ösen, kuwwatly döwlete öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.