GARAŞSYZLYK-EZIZ DIÝARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY


GARAŞSYZLYK-EZIZ DIÝARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Garaşsyzlyk binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-eziz diýarymyzyň ösüşli ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň hasyl bolan arzuwy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk taryhy senesi toý-dabaralara beslenip, zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirliginiň, belent ruhunyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik güýjüniň, ata Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen beýik tutumlarymyzyň, tutuş dünýäde uly gyzyklanmalara eýe bolan ynsanperwer ýörelgeleriniň waspy bolup has-da belentden ýaňlanýandygy şeýle-de baky bagtyýarlygymyzyň, röwşen geljegimiziň şuglasydygy hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eşretli zamanamyzy beýik ösüşlere besläp, il-ulsuň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.