ÝAŇLANÝAR SÖZLERIŇE AJAP AÝDYMLAR, TÜRKMENIŇ GUWANJY DANA PYRAGY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Ýaňlanýar sözleriňe ajap aýdymlar, türkmeniň guwanjy dana Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hemişelik okyjylary, sungat söýüji ýaşlary ata Watanymyzyň, erkana durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspyny ýetirýän aýdymdyr, sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.