GARAŞSYZ WATANYŇ BAGTLY ÝAŞLARY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň «Bagtyýar nesiller» adyndaky ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyz Watanyň bagtly ýaşlary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, ata-babalarymyzyň Garaşsyz Watan ugrunda geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler barada aýratyn nygtaldy. Höwesjeň çagalar ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgudyr, aýdymlary uly buýsanç bilen aýtdylar. Gurnalan göçme kitap sergisi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.