«TÜRKMEN TAHÝASY» ATLY KITAPHANA SYNY


«TÜRKMEN TAHÝASY» ATLY KITAPHANA SYNY

Döwlet kitaphananyň Ylmy-usuly bölüminiň geçiren kitaphana synynda türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden dörän türkmen tahýasy barada gürrüň berildi.

Milli el işlerimiziň döreýiş kökleri milletimiziň uzak geçmişiniň şöhratly sahypalaryna siňip gidýär. Şoňa görä-de ol halkymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň senetçilik baýlygynyň aýrylmaz bölegidir. El işleriniň, keşdeleriniň, göldür nagyşlarynyň her biriniň mazmunynda milletimiziň ruhy dünýäsi öz aýdyňlygy bilen açylýar. Aýratyn hem gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri bolan kürte, çabyt, çyrpy, begres don, keteni köýnekler, düýpli gynaç, gültahýa, gülli gonçly joraplar şu günki güne çenli özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Olaryň hersiniň özboluşly ähmiýeti bar. Epgekde howurdan, aňzakda sowukdan goraýan tahýalar buýsançly baýlygymyzdyr. Demirgazyk Türkmenistanda onuň şekiline, ülňüsine, nagyşlaryna görä käbir ýerlerde, «jambörük», «ýelpertahýa», «telpertahýa» diýlip tapawutlandyrylýan ýerleri hem bar. Tahýalaryň gelip çykyşy, ülňüsi, tikilişi, keşdelenişi, geýliş düzgüni bar. Olar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen... ýaly başgaplarynyň we başatgyçlarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gadymy aýtgylara görä, tahýalarda ynsana nur çaýýan Günüň kuýaşy bar. Gültahýa asmana, Güne meňzeş. Oňa günüň keşbi keşdelenen.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geýilýän tahýalar biri-birinden nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň Günorta etraplarynda akgaýma, gültahýa we «düýeboýun» nagyşly tahýalar, Günbatarda, «labyr», «tirana», «kürk» nagyşlary salnan tahýalar, Gündogarda «çörek» nagyşly, «bugdaý bogun», «jodur» ýaly nagyşlar edilen tahýalar geýilýär. Beýleki ýerlerden tapawutlylykda Demirgazyk etraplarda gyzlar 8-9 ýaşa çenli «sopbaş» atly başgaby geýýärler. Sopbaş tutuşlygyna kümüş teňňeler bilen bezelipdir. Tahýanyň «labyr» diýen nagşy deňiz bilen baglanşykly bolupdyr.

Gültahýa gadymdan bäri gyzlaryň juwanlyk gözelligine görk goşupdyr. Ol dört örülen saçlar görner ýaly edilip geýilýär. Durmuşa çykýan gyzlar, adatça, köpöwüşginli reňkli ýüpek sapaklar bilen tikilen, kümüş şelpeli tahýany geýýärler. Geçmişde tahýaly gupba guşlaryň ýelegi hem dakylypdyr. Ol gyzlary göz degmekden, kesellerden we beýleki betbagtlyklardan goraýar diýip ynanypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen halky başgaplaryna aýratyn ähmiýet beripdir. Gyzlaryň tahýasyndaky owadan gülleriň şekilleri nuranalygy we gyz päkligini alamatlandyrypdyr. Gyzyl reňk jadyly güýje eýe bolup, erbetlikleriň täsirinden gorapdyr.

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmadyny belentde tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!