GARAŞSYZLYK-KALBA YLHAM, DILLERIMIZDE DESSANDYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi bilen 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk-kalba ylham, dillerimizde dessandyr» ady bilen Medeniýet köşgünde aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Çärede ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan bagty–mukaddes Garaşsyzlygymyz eşretli durmuşmyzyň gözbaşydyr, röwşen geljegimiziň güwäsidigi, Garaşsyzlyk güni–Watanymyzyň esasy baýramy bolup Bagtyýar türkmen halky her ýylda şu sanly senäni agzybirlikde dabaraly belläp geçýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, zähmetsöýerligi netijesinde ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilendigi, mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, asylly däplerimizi dikeltmäge, döwrebap derejede kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleriň döredilip berilendigi barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.