WATAN WASPY


WATAN WASPY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Watan waspy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň buýsandyryjy taryhy ösüşleri hakda söhbet açylanda, gurulýan binalar, täze şäherlerdir-obalar we dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler hakydaňa gelýändigini, her günki özgerişler, beýik ösüşler mähriban halkymyzda çuňňur buýsanç döredýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanyna şirin-aýdymlar, mukamlar ýerine ýetirildi.

Çäräniň ahyrynda milletimiziň mertebesini, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar eden, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny has-da belent sepgitlere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.