ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY


ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletimizde her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Şeýle çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda çagalaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ilkinji nobatda, sürüjiler bilen pyýadalaryň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmanydyr. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly yzygiderli geçirilýän çäreler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýol ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna şeýle hem, ýaş nesilleri hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen gelejegimize ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.