ARKADAG ŞÄHERI, GELJEGIŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI


ARKADAG ŞÄHERI, GELJEGIŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň guramagynda «Arkadag şäheri, geljegiň we bagtyýarlygyň şäheri» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň binagärlik sungatynyň, gurujylyk ukybynyň örän ýokarydygyny aýan edýän Arkadag şäheri ýaşamak we dynç almak üçin dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Arkadag şäheri özboluşly binagärlik taslamalary boýunça döredilen ylym-bilim, medeniýet, sport, söwda, dynç alyş merkezlerini we beýleki desgalary özünde jemleýär. 4-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän serginiň baýrak gowşurylyş dabarasynda Arkadag şäheri «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde birbada üç sany baýraga mynasyp boldy. Ajaýyp binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň özboluşly binagärlik aýratynlygy netijesinde has-da gözel görke eýe bolan Arkadag şäheri-bagtyň, ýagty ertirleriň şäheri.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar, ruhubelent ýaşamaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.