GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI–ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri–ýolumyza şamçyrag» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyz hem-de dünýä jemgyýetçiligi üçin gollanma bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüldi. Bu ajaýyp eserlerde ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eseri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň giň manysyna eýedigi, ylmy maglumatlara baýlygy bilen okyjylara işde, durmuşda, okuwda ýakyn gollanma bolup durýar. Özüniň ajaýyp eserlerini peşgeş berip, halkymyzyň ruhy hazynasyny has baýlaşdyrýan, kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde ýakyndan goldaw berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ujy ýiti bolsun.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.