HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Halk maslahatynyň ähmiýeti» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Halk Maslahaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrylýar. Halkyň agzybirligini jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly hasaplanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanýar. Türkmenistanda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýäniň syýasy giňişligindäki daşary ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.