GARAŞSYZLYK–ASYRLARYŇ HASYL BOLAN ARZUWY


GARAŞSYZLYK–ASYRLARYŇ HASYL BOLAN ARZUWY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk–asyrlaryň hasyl bolan arzuwy» ady bilen aýdym- sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bolsa, halkymyzyň öz beýik şahsyýetlerine goýýan hormat-sarpasynyň bimöçberdiginiň aýdyň güwäsine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň erkinligini, azatlygyny, berkarar döwletli bolmagyny arzuwlan akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän giň gerimli çäreleriň, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar bilen utgaşmagynyň özi, bagtyýarlygyň nyşany bolup durýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda eziz Diýarymyzy beýik ösüşlere beslenýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.