MUKADDES GARAŞSYZLYK-GELJEGE YNAM
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň hem-de Gypjak medeniýet öýiniň bilelikde guramagynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk-geljege ynam» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler asuda, parahat ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hakynda söhbet açyp, ähli ugurlarda syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de bilimde belent sepgitler, beýik ösüşleri dünýä içre ýaýylandygyny, Garaşsyzlyk halkymyza öz ykbalyny özi çözmäge, dünýäniň alys hem-de goňşy ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.