ÝOL HEREKETINIŇ DÜZGÜNLERINI DOGRY BERJAÝ EDELIŇ!
Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý edeliň!» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap binalardyr ýollar gurlup ulanmaga berilýär. Günsaýyn täze ösüşlere barýan ýurdumyzda ulaglaryň sany barha artýar. Şeýlelikde, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişiniň gözegçilikde saklanmagy zerur bolup durýar. Şonuň üçin ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde möhüm işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylda däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän bir aýlyk çäre halkymyzyň saglygyny goramakda, olaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen gelejegimize ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.