Milli seýilgähleriň syýahatçylyk pudagyna täsiri
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini dünýä derejesine ýetirmek, gelýän syýahatçylara halkara standartlaryna laýyklykda hyzmat etmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmegine ýardam edýän ugurlaryň biri hem syýahatçylyk ulgamydyr.
Dünýä ykdysadyýeti industrial görnüşden täze görnüşe, ýagny syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine tarap özgerýär. Häzirki wagtda diňe bir önümçilik ulgamynyň ösdürilmän, eýsem, maddy däl sektor bolan syýahatçylyk ulgamyna bolan islegiň hem köpelýändigini bellemek bolar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň täze pudagy syýahatçylyk ulgamynyň ösüş ýoluna geçmegini durmuş, hyzmat pudaklarynyň innowasion häsiýetde ösdürmegiň meselelerini öwrenmek häzirki döwürde wajyp meselä öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda daşary ýurt tejribelerini öwrenmek arkaly milli seýilgähleri döretmek bilen syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek mümkinçilikleri uludyr. Şeýle-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň biri bolan syýahatçylyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly innowasiýa ykdysadyýete geçmekligiň ugurlaryny ýüze çykarmak, ýurdumyzda milli seýilgähleri döretmek bilen syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek bolar. Seýilgähleri döretmekde dünýä tejribesini öwrenmek bilen, milli seýilgähleriň döredilmeginiň ykdysady ähmiýetini ýaýbaňlandyrmak we onuň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde itergi boljakdygyny ylmy esasda öwrenmegiň zerurudygyny bellemek wajypdyr. Maddy däl sektoryň ösüşiniň ähmiýetini açyp görkezmek, mazmuny kesgitlemek, olary görnüşlere we toparlara bölmek bilen maddy däl pudagyň innowasion ösüş ýollaryny kesgitlemek bolar. Milli seýilgähleri ösdürmegiň dünýä tejribesini öwrenmek we ony ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň syýahatçylyk pudagynyň geljekki ösüşine täsir etjekdigi ikuçsuzdyr.