TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERINIŇ GATNAŞMAGYNDA SADAKA BERILDI
25-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi.
Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna eýerip, Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde agzybirlikde sadaka bermek baradaky teklip bilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi we bu teklip biragyzdan goldanyldy.
Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň ýanyndaky kümmetiň öňünde hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly hajy Serdarymyz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady.
«Türkmenistan» gazeti