TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY


TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Jahan döredijilik merkezinde «Türkmen milli oýunlary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada hem hünärmenimiz gyzykly maglumatlary aýdyp berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.