Garaşsyzlyk ähli üstünlikleriň özenidir
Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Eziz Watanymyz, şeýle arzuw-islegleriň myrat tapan mekany. Asuda awadan watanyň goýnunda garşy alýan her günümiziň bagtyýarlygy, özbaşdak millet hökmünde milli däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, urp-adatlarymyzyň dabaralanmagy Garaşsyzlygymyzyň bize beren miwesidir. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özygtyýarly döwlet hökmünde parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen yklymlara ýaň salýar. Baky bagtyň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, amal edýän beýik işleriň düýp mazmuny halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen aýdyň maksatlarda jemlenýär.
Şol sebäpden hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Garaşsyzlyk ähli üstünlikleriň özenidir» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ýer ýüzünde belent abraý-mertebä eýe edip, alnymyzda pederlerimiziň arzuwlan ak daňyny ataran, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.