Toýuň gutly bolsun - Garaşsyz Watan
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Toýuň gutly bolsun - Garaşsyz Watan» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler bagtyýar ulus-ilimiziň uludan toýlaýan baş baýramy – Garaşsyzlyk toýy, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde bu gün aýratyn şatlyk-şowhuna beslenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary bilen gurşalýandygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly medeni çäreleriň, açylyş dabaralaryň, guralýan köpugurly sergileriň, döwletli maslahatlaryň, ýaş zehinlileriň aýdym-sazly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenip, beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň her bir güni nurana şugla bilen bezeýänligi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Garaşsyzlygymyzyň waspyny ýetirýän birnäçe aýdym-sazlary çäräniň şowhunyny has-da goşalandyrdy we şirin owazly aýdymlar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.