Köňüllerde baş baýramyň mukamy, toý toýlaýar Garaşsyzlyk mekany
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 84-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli «Köňüllerde baş baýramyň mukamy, toý toýlaýar Garaşsyzlyk mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýurdumyzyň her bir güni toý-baýrama beslenýändigini, mukaddes baýramlaryň iň naýbaşysy bolsa Garaşsyzlyk baýramy bolup, bu şanly toýa halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen barýandyklary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň belende göterilendigini, bu bolsa milli baýramlarymyzy, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge ähli mümkinçilikleriň dörändigi hakynda buýsanç bilen bellediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.