«Kuwwatly Watanda – bilimli nesil»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde her ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne ýurdumyzyň dürli künjeginde uly dabara bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kuwwatly Watanda – bilimli nesil» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä derejesine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyz täze okuw ýylyna, ak mekdeplerine hem-de mähriban mugallymlaryna bagyşlap öwrenen goşgudyr aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Geçirilen duşuşyga «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.