BILMEÝÄN ZADYŇY KITAPDAN SORA


BILMEÝÄN ZADYŇY KITAPDAN SORA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalarynyň arasynda «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Okan kitaplary esasynda gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler. Şeýle-de gurnalan sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.