BIR SUPRA JEM BOLDY ILIŇ PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Bir supra jem boldy iliň Pyragy» ady bilen Magtymguly Pyragy «Medeni seýilgäh» toplumynda gezelenç geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu günki günde dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýändigini, akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary her ynsanda uly gyzyklanma döredip, ýaş nesilleri terbiýelemekde bu goşgularyň örän uly ähmiýetiniň bardygy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda süýji sözli bolmak, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly sypatlary beýan edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy, edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.