MEDIA GEZELENJI GEÇIRILÝÄR
2024-nji ýylyň 29-njy sentýabry 2-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Syýahatçylygy ösüş gullugynyň guramagynda (TGA) Izmir şäheriniň töweregindäki Alaçataý, Seljuk we Urla ýaly taryhy ýerlerinde media gezelenji geçirilýär. Bu çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýagny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Medeniýet we syýahat žurnalynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň, Türkmenportal, News Central Asia, Aarhusashgabat, Türkhowaýollary agentliginiň, Orient, Biznes Türkmenistan internet portalynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Media gezelenjiniň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň gadymy ýerleriniň biri bolan Alaçataý obasyna gezelenç guraldy. Alaçataý – Türkiýäniň taryhy ýerleriniň biridir. Bu media gezelenji Alaçataýyň arassa howasy, täsin tebigaty, köçeleri, baý taryhy we binalary syýahatçylarda uly täsir galdyrýar. Bu ýerde esasan pyýada gezelenç gurnalýar. Köçelerde naharhanalar, garbanyşhanalar, dürli görnüşli satuw dükanlary ýerleşýär.
Alaçataýda 2010-njy ýyldan başlap, her ýylda otuň festiwaly geçirilýär. Ol festiwal her ýylyň ýaz aýynda geçirilip, dört gün dowam edýär. Ot festiwalynda adyndan belli bolşy ýaly, dürli otuň görnüşlerinden iýilýän tagamlar taýýarlaýarlar. Şol festiwalda otlardan her dürli tagamlar taýýarlanylýar.