TÜRKMENISTANYŇ GAHRYMANLARY SARAGT BABAÝEWIŇ WE ANNAJEMAL NURMUHAMMEDOWANYŇ DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANÝAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan Medeniýet we sungat ussatlarynyň belli senelerine bagyşlanyp, Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna, «Medeniýetiň we sungatyň Gahrymanlary» (Türkmenistanyň Gahrymanlary Saragt Babaýewiň we Annajemal Nurmuhammedowanyň döredijiligine bagyşlanýar) atly sergi guraldy.
Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan her bir ynsan çeken zähmetiniň rehnetini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, aramyzdan giden ussatlarymyz sarpalanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetine saldamly goşant goşan ussatlarymyza hormatly atlar dakylýar. Döwlet kitaphanasynda guralan sergide Türkmenistanyň Gahrymanlary Türkmenistanyň Gahrymanlary Saragt Babaýewiň we Annajemal Nurmuhammedowanyň döredijiligi hakda gürrüň berýän edebiýatlar, döwürleýin neşirler goýuldy.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.