ÝAŞULULAR-PAÝHAS HAZYNASY


ÝAŞULULAR-PAÝHAS HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular-paýhas hazynasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram-Ýaşulylaryň halkara güni dünýäniň dürli ýurtlarynda bolşy ýaly, biziň ýurdymyzda hem agzybirlik we ruhybelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.