BEÝIK SARPA MYNASYP SIZ, ÜLKÄMIZIŇ ÝAŞULULARY


BEÝIK SARPA MYNASYP SIZ, ÜLKÄMIZIŇ ÝAŞULULARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 11-nji orta mekdebinde ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Beýik sarpa mynasyp siz, ülkämiziň ýaşululary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistanda paýhasly, dana ýaşululara, kümüş saçly enelerimize uly hormat goýulyp, ýaş nesillerimiz üçin edep-terbiýe mekdebidigi, olaryň sarpasynyň mydama belent tutulýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parasatly öwütleri, dana nesihatlary, gymmatly maslahatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrýan ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz ýurdumyzyň, törümiziň ýaraşygy bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşuly nesli sylap, hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.