TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY HALK HÄKIMÝETINIŇ KÄMIL NUSGASY


TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY HALK HÄKIMÝETINIŇ KÄMIL NUSGASY

Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we «Miras» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde 1-nji oktýabr Halkara Ýaşulular güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimýetiniň kämil nusgasy» ady bilen duşuşuk geçirdi. Il sylagly ýaşulularyň ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýändikleri barada täsirli gürrüňler edildi. Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşüni, halkymyzyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmäge gönükdirilen, döwletimiziň we halkymyzyň durmuşunyň ähli ugurlaryny gurşap aljak, düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim beriljekdigi barada täsirli gürrüňler diňlenildi.

Halkymyzyň bagtyýar şu güni we nurana ertirlerini berkarar etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.